2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gurnamagynda Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu halkara olimpiada Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary hem gatnaşdylar. Şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilen olimpiada, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B derejede hem beýleki hünärlerde okaýan ýaşlar özara bäsleşdiler. Meseleler organiki himiýa, fiziki himiýa, organiki däl himiýa, analitiki himiýa boýunça taýýarlanyldy. B derejede bäsleşen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary hem baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýagny Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Baýramhan Röwşenkulyýew we Atçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýakup Elýasow baýrakly III oruna, bürünç medela mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan, ýeňiş gazan talyp ýaşlaryň döredilen şeýle mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyk sözleri çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
Amangeldi ÇOLYKOW
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy