Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň uly toparynyň bardygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň täze belentliklerini nazarlap, öňe barýan güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürjek ýaş nesilleri kemala getirmek, ýaş telekeçilere goldaw bermek ugrunda köpsanly işler durmuşa geçirilýär.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň bilelikde döreden «Agro-startup» meýdançasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine goşant goşup biljek ýaş telekeçileri taýýarlamakda birnäçe işler ýerine ýetirilýär. 2025-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda ýaşlaryň innowasion pikirlerini, telekeçilik başarnyklaryny goldamak, öz startap taslamalaryny döretmäge höweslendirmek, meýilnama düzmek, bazary seljermek, maliýe meýilleşdirmek, işewürlik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ýaşlaryň biri-biri bilen hyzmatdaşlykda bilelikde iş alyp barmak ukybyny ösdürmek maksady bilen «Agro-startup» meýdançasynyň çäklerinde «Ýaş pikir – ösüşiň açary» atly işewürlik meýilnamasyny düzmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde talyp ýaşlar öz startap taslamalary bilen çykyş edip, harytlary öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň maksadyny, esasy aýratynlyklaryny, bazar seljermesini, bäsdeşlik derejesini, işewürlik meýilnamasyny giňişleýin beýan etdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşige Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň hünärmenleri gatnaşyp eminlik etdiler we talyp ýaşlara peýdaly maslahatlary berdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adyndan diplomlar we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şihmämmedowa Gülsona,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby