BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

47
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz hem Bitarap watanymyzda, ylym we bilim kämillik derejesine ýetirilip, ylmyň täze gazananlary bilen halkara derejesinde, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.Ýurdumyzda ylym we bilim hemişe ösüşleriň gözbaşy hasaplanyp, ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem beýik özgertmeler amala aşyrylýar. 
 
 
 
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, ajaýyp güýz paslynyň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasy giňden uly şatlyk-şowhuna beslenýär.
 
 
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi.  Säher bilen dogup gelýän günüň şöhlesi gözelligiň nusgasy bolan Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyň binasyna nuruny saçdy. Nurly günüň ýalkymy dabaranyň ylhamyny hasam joşdurdy. Dabara Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. Bu dabara mähirli gutlaglar we akademiýanyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Soňra akademiýamyzda 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy we talyp ýaşlar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar.
 
 
 
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi babatda alyp barýan bimöçber işleri, biz ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerimizi aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.  Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ýurdumyzyň bilim işgärlerini, mekdep okuwçylaryny hem-de talyp ýaşlaryny   Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
 
Çaryberdiýew Kakageldi,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm