Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň ählumumy we sebitleýin geosyýasatda möhüm ähmiýete eýe bolan halkara abraýy dowamly pugtalandyrylýar. Türkmen döwleti dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär.
Hemmämize mälim boluşy ýaly Türkmenistan we Türkiýe baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr. Türkmen hem-de türk halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklary taryhy-medeni däpleriniň umumylyklary, köpasyrlyk söwda we ynsanperwer gatnaşyklary, häzirki döwürde bolsa garaýyşlarynyň meňzeşligi bilen baglanyşyklydyr. Şu günki günde döwletleriň ikisi-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýärler, özleriniň ählumumy asudalyk we howpsuzlyk ýörelgelerine, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşe berk ygrarlydyklaryny görkezýärler. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar.
Ynha ýaňy ýakynda 26-njy oktýabrda Türkiýe respublikasynyň Ankara şäherinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Türkiýe respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen türk gatnaşyklarynyň mundan beýläkde pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolundaky möhüm waka boldy. Ynha şu möhüm waka mynasybetli 28-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «TÜRKMENISTAN-TÜRKIÝE: DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY WE NETIJELI HYZMATDAŞLYK» atly hoşallyk maslahaty geçdirildi. Masalahatda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky” eden çykyşynda “Häzirki döwürde oba hojalyk pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howupsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybarat bolup durýar” diýip belläp geçendigini aýdyp, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi, çuňlaşdyrylmagy babatda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandyklaryny, şeýle beýik, gaýtalanmajak, taryhy işleriň gözbaşynda duran, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesilleriň kämil derejede ylym-bilim almagy, bagtyýar durmuşy, bagtly geljegi hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we beýik başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdiler.
Söýenç Ahmedow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy