GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA

483

19-njy oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitaby gymmaty egsilmejek hazyna”  atly Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly kitabynyň XV jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaňy-ýakynda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy ähli türkmen halkyny buýsandyrdy diýip belläp geçdiler.

          Bilşimiz ýaly bu kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň dünýä lukmançylyk ylmynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşan nobatdaky uly goşandydyr. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çap edilip, diňe bir lukmanlar däl, eýsem ähli watandaşlarymyz üçin hem ajaýyp sowgat boldy.

Halk  luk­man­çy­ly­gy­nyň gen­ji-ha­zy­na­syna öw­rü­len, Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň sag­lyk ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri üçin gym­mat­ly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat etjek bu aja­ýyp yl­my ki­taby be­reket­li türk­men top­ra­gy­nyň yn­san sag­ly­gy üçin ja­na şy­pa­ly bo­lan ösüm­lik dün­ýä­si, ola­ryň mel­hem­lik äh­mi­ýe­ti bi­len has iç­gin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Ki­ta­byň öň­ki  jilt­le­rin­de bol­şy      ýa­ly, XV jil­din­de hem der­man­lyk ösüm­lik­le­riň owa­dan su­rat­la­ry­nyň, her bir ösüm­li­giň der­man­lyk hä­si­ýe­ti, peý­da­la­ny­ly­şy ba­ra­da baý  mag­lu­mat­la­ryň be­ril­me­gi ýaş ne­sil­le­rimiz­de gö­zel te­bi­ga­ty­my­za bo­lan söý­gi­ni art­dyr­mak­da hem-de wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by­nyň dün­ýä­niň köp dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi bi­len mil­li­on­lar­ça da­şa­ry ýurt oky­jy­la­ry­na hem el­ýe­ter­li bol­dy. Ki­tap­da ýer­li der­man­lyk ot­la­ryň, ösüm­lik­le­riň  der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da peý­da­lan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri giň­den be­ýan edil­ýär.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Atanur Klyşow

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri 

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm