11-nji oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatynyň “Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň orny we ähmiýeti” atly IX bölüminiň işi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirildi.
Bölümiň işiniň dowamynda jemi 29 sany tezis boýunça çykyş meýilleşdirilip, olaryň 3 sanysy daşary ýurtly gatnaşyjylar tarapyndan, 26 sanysy bolsa Türkmenistan döwletimiziň wekilleri tarapyndan amala aşyryldy. Ylmy maslahata gatnaşyjylar ählisi özleriniň çykyşlary boýunça çykyş etdiler we çykyşlaryň her birinde ylmyň esasy ähmiýeti giňişleýin bellenilip geçildi. Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ylmyň hem-de innowasiýanyň ähmiýeti, döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatda alnyp barylýan işler, häzirki wagtda innowasion ösüşi üpjün etmekde esasy orun eýeleýän oýlap tapyşlaryň, täze tehnologiýalaryň orny hakynda şeýle hem ýurdumyzda milli ylym ulgamyny dünýä ösüşiniň derejesine çykarmak babatda anyk teklipler bilen durup geçdiler. Mundan başga-da çykyş edenler ylym ulgamyny özgertmekde ýaşlaryň orny we bu ugurda ýurdumyzda ýaşlara döredilip berilýän mümkinçilikler, ýaşlaryň bu babatda alyp barýan işleri hem aýratyn bellenilip geçildi.
Maslahatyň dowamynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny öz içine alýan ugurlar boýunça çykyşlar edilip, çykyşlaryň her biri örän täsirli we many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. Şeýle hem maslahatyň dowamynda halkara hyzmatdaşlyga we kadalaşdyryjy namalara ähmiýet bermek bilen, ylmyň öňde baryjy ugurlary seljerildi. Dürli ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler we geljekde edilmeli anyk işler maslahatlaşyldy. Esasanda maslahatyň dowamynda bilim we ylym ulgamynda multimediýa tehnologiýalarynyň orny hem-de ähmiýeti şeýle hem okatmagyň STEM esasly ulgamlary we bu ugruň häzirki zaman bilim ulgamyndaky möhüm ähmiýeti aýdyňlyk bilen bellenildi.
Ylmy maslahatynyň meýilnamasynyň çägindäki çykyşlarda ylmyň hem-de innowasiýanyň ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmekdäki mümkinçiliklerine we usullaryna hem aýratyn ähmiýet berildi. Çykyşlarda lukmançylykda we saglygy goraýyş ulgamynda, sportda innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly şahsyýetiň ösüşine kämil derejede goşant goşmak häzirki döwrüň talabydygy barada hem bellenilip geçildi. Geljekde bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlyk saklamak bilen bir hatarda, döwletleriň arasynda tejribe alyşmagyň hem-de bu tejribeleri iş ýüzünde ornaşdyrmagyň möhüm ähmiýeti dogrusynda hem durlup geçildi.
IX bölümiň işi netijeli we üstünlikli geçdi. Çykyş edenler “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga, özara pikir alyşmaga we gözýetimi giňeltmäge mümkinçilik döredilýänligi üçin Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza özleriniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.
Atanur Klyşow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri