БЫЛ ПРОВЕДЕН «ДЕНЬ ОТКРЫТЫХ ДВЕРЕЙ»

БЫЛ ПРОВЕДЕН «ДЕНЬ ОТКРЫТЫХ ДВЕРЕЙ»

371
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2025-nji ýylyň    25-nji martynda Arkadag şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň gatnaşmagynda  «Açyk gapylar» güni geçirildi.
 
 
«Açyk gapylar» gününde akademiýamyzyň tejribeli mugallymlary tarapyndan  mekdep okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň ýokary okuw mekdebinde durmuşa geçirilişi, akademiýada döredilen şertler, ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, kafedralary, hünärleri, taýýarlyk ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berildi. Myhmanlar akademiýanyň döwrebap kompýuter otaglary, barlaghanalary, simulýator, okuw türgenleşik, multimediýa we lingafon otaglary, döwrebap tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumy, tejribe we amaly otaglar,  ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar.
 
 
 
«Açyk gapylar» gününe gatnaşyjylaryň akademiýanyň ýapyk manežine, sport toplumyna, kitaphana we muzeý binasyna aýlanyp görmegi we bu ýerlerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdyrylmagy,  atçylyk we seýisçilik sungatyna, bedewlere erk etmegiň inçe tilsimleri, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri hakynda mugallymlar tarapyndan gyzykly maglumatlaryň berilmegi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.
 
 
 
Kakageldi Çaryberdiýew,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
mugallymy, Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm