Şu gün Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi.
Utgaşykly görnüşde guralan köptaraplaýyn foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan halkara foruma Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýaş agzalary, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary we beýlekiler gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk akademiýasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan halkymyzyň baý medeni mirasyny we onuň köpugurlylygyny şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Şu gezekki çäre Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlara uly ynam bildirilýändigini tassyklaýar. Döwletimiz şahsy ösüş, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, özlerini kemala getirmekleri üçin ähli şertleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berýär. Çünki ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda: «Ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip nygtady. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Nygtalyşy ýaly, ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda bu gurama bilen bilelikdäki işleriň oňyn tejribesi toplandy. Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýyl «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp-dessurlaryny berkitmekde, milli gymmatlyklary, oňyn garaýyşlary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz BMG-niň bilimiň bütin dünýäde ösdürilmegine we ýaşlar bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda bilimiň hilini we ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Häzirki döwürde halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki bilim taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. Geçen döwürde ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO kafedralary, dört sany ýokary okuw mekdebinde bolsa ÝUNESKO klublary döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy.
Çykyşlarda dünýäniň häzirki şertlerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işlerinde ýaşlara wajyp ähmiýet berilýändigi bellenildi. Munuň şeýledigine 2015-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde degişli Kararnamanyň kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär. Ol dawaly we dawadan soňky ýagdaýlarda ýaşlaryň oňyn ähmiýetli ornunyň bardygyny ykrar etmekde möhüm waka boldy. 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasyny durmuşa geçirmäge girişilýändigi yglan edildi. Onda parahatçylyk we howpsuzlyk ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenendir.
Umumy pikire görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder. Forumyň işi «Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»; «Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»; «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»; «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.
Günüň ikinji ýarymynda forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny esaslandyrmak boýunça mejlis geçirildi. Onuň işine sebitiň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar syýasaty boýunça edaralarynyň jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda dialogyň goldanylmagy üçin şeýle formatyň döredilmeginiň hem-de ählumumy bähbitleriň halkara giňişlikde ilerledilmegi üçin sebitiň ýaşlarynyň güýjüni bir ýere jemleýän gurşawyň emele getirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň syýasy resminamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekde, şeýle hem «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» maksatnamasynyň wezipelerini bilelikde amala aşyrmakda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş raýatlaryny jebisleşdirmek maksady bilen, soňky ýyllarda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde sebitde ýaşlaryň dialogy işjeň ösdürilýär. Hususan-da, sebit merkezi tarapyndan «Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy» başlangyjy durmuşa geçirilýär. Bu başlangyç ýaşlary Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlarynyň çäginde hereket edýän öňüni alyş gurallary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň hem-de daşary işler ministrleriniň her ýylda geçirilýän maslahatlarynyň çäklerinde ýaşlaryň we sebitiň ýurtlarynyň Hökümetleriniň resmi adamlarynyň arasynda dialogy guramak tejribesi ýola goýuldy.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýaşlar syýasatynyň umumy ugurlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Munuň özi sebitde ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamagyň we höweslendirmegiň möhüm hasaplanýandygyny tassyklaýar.
Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şu günki iri forumyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar şeýle görnüşli çäreleriň ýaşlaryň durmuş işjeňligini has-da artdyrmaga, halkara gatnaşyklary berkitmäge, raýatlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaş nesliň ýakyn hyzmatdaşlygyny, özara ynanyşmagyny pugtalandyrmaga itergi berýändigi hakyndaky umumy pikiri goldadylar.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly forumyň jemleriniň Ýaşlar guramalarynyň işiniň netijeliligini artdyrjakdygyna we halkara hyzmatdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirip, bu ýere ýygnananlar Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilen köptaraply tagallalary üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler.
Bu möhüm ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça geçirilen pikir alyşmalar Merkezi Aziýa döwletleriniň köpýyllyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalary tassyklady.
Forum tamamlanandan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.
Şu gezekki çärä gatnaşyjylar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy.
“TÜRKMENISTAN Altyn asyr” elektron saýtynyň habarlary esasynda taýýarlanyldy