Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň gurnamagynda Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragy türkmen kalbynyň owazydyr» atly Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny wideo şekiller arkaly suratlandyrmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça I orna D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Hemra Hudaýberdiýew, II orna Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Öwezmyrat Aýdogdyýew we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Durmuş ynsanperwerlik bilimleri fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýazgül Udiýewa, III orunlara bolsa, S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Begenç Baýramow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Oguldursun Nejimetdinowa we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Babamyrat Gurbanow taýýarlan wideo şekilleri bilen bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Rektorynyň hormat haty bilen sylaglandy.
455