BILIMLI-YLYMLY, PAÝHASLY ZENANLAR

BILIMLI-YLYMLY, PAÝHASLY ZENANLAR

187
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köpetdagyň gözel künjeginde bina edilen Arkadag şäheri Garaşsyzlyk döwrüniň taryhynda ajaýyp sahypadyr. Bu ýyla 2025-nji  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýilmegi hem halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  “Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir” diýen şygarynyň mazmuny hem parahatçylyk we ynanyşmak, agzybirlik, bitewülik ýaly düşünjeleriň many-mazmunynda jemlenendir. Bu şygar halkymyzyň abadançylygyny, ýurdumyzyň kuwwatyny ýokary galdyrýar.
Ýurdumyzda mährem eneleriň, ýüzümiziň tuwagy bolan zenanlarymyzyň mertebesi belent tutulýar. Zenan waspy hemişe dillerde dessandyr. Zenan dünýäniň görkidir. Sebäbi zenan-ene, zenan-mähriban uýa, zenan-wepasy bilen ojaklaryň yssylygyny gorap saklaýan ýanýoldaş. Türkmen taryhynda-da, şu güninde-de şeýle zenanalaryň ençemesi dünýä ylmyna özüniň mynasyp goşandyny goşandyr.
 
 
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp zenanlaryň ylma bolan goşandyny açyp görkezmek maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar eden “Ylymda zenanlaryň Halkara güni” mynasybetli  ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynynyň “Ahalteke atlary-parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda “Bilimden ylyma, paýhasdan ösüşe zenan alymlaryň çäksiz güýji” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.
 
 
Sungat tilsimleri bilen behişdi bedewlerimiziň depginli  bady bilen bu gün dünýä ýüzünde ýaşyl tugumyzy al-asmanda pasyrdadan ildeşlerimiziň arasynda zenanlarymyzyň bolmagy şu ajaýyp döwrebap taglymatyň buýsançly beýanydyr. Türkmen edebi mirasynda Agaýunusyň, Burla hatynyň, Tumar şanyň, Altynjan hatynyň taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gamyşgulak bedewlere erk etmekdäki ussatlyklary bu zenanlara itergi beren uly güýçdir diýip belläsimiz gelýär. Türkmen zenanlaryň bu günki gün Türkmenistanyň Gahrymany, ylymlaryň doktory, ylymlaryň kandidaty, halk artisti, halk ýazyjysy başgada birnäçe derejelere mynasyp bolup ylmyň, bilimiň saldamly ýüküni çekip gelýän mähribanlarymyza bu gün hormatymyz uludyr. Ýurdumyzda haýsy iş bolsa bolsun irginsiz zähmet çekip, ilkinjileriň hatarynda durmany başarýan türkmen zenanlarymyza buýsanjymyz çäksizdir.
Türkmenistanda zenanlaryň asylly we jogapkärli işine ýokary baha berilýär. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
 
Gunça Şamyradowa, 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň
“Ahalteke-atlary parahatçylygyň ilçileri” atly
ÝUNESKO klubynyň başlygy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm