“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DEMOKRATIK DÖWLET GURMAGYŇ MILLI  NUSGASY”

“TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DEMOKRATIK DÖWLET GURMAGYŇ MILLI NUSGASY”

973

Türkmen milleti taryhyň bütin dowamynda tutumly bir işiň başyny tutanda halk bilen geňeşipdir. “Geňeşli il salamat bolar”, “Maslahatly il myrada ýeter” ýaly pähimleri hut şol ýörelgäniň esasynda kemala gelipdir. Ynha hemmämize mälim boluşy 24-nji sentýabrda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Şol taryhy mejlise biziň ýokary okuw mekdebimizdenem talyp ýaşlara gatnaşmak bagty miýesser etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz taryhy mejlisde “Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr” diýmegi ýurdumyzda ýaşlara goýulýan uly ynamdan nyşandyr. Şol taryhy mejlisde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy biziň her birimizi buýsandyrdy, şatlygymyzy joşlandyrdy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 26-njy sentýabrynda biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DEMOKRATIK DÖWLET GURMAGYŇ MILLI  NUSGASY” ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bütin güýç-kuwwatyny, başarnygyny bir başa jemlemegi netijesinde ähli çylşyrymly, mukaddes wezipelere abraý bilen hötde gelinýändigini, Halk maslahatynyň bu gezekdäki mejlisine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we ýurdumyzyň berkararlygy, beýik ösüşleri hem-de halkara derejesindäki abraýy barada çykyş etmegi maslahatyň  taryhy ähmiýetini has-da artdyrandygyny nygtadylar.  Döwlet Baştutanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly işlerinde we beýik başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw etdiler.

 

Söýenç Ahmedow

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk

Akademiýasynyň Ýaş alymlar Geňeşiniň başlygy

Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm