Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň belent sepgidini nazarlap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Ajaýyp zamanamyzda ylym we bilim durmuş syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz täze taryhy zamanamyzda kämil bilim binýadyny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri, ussat hünärmenleri taýýarlamak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin bilim özgertmelerine badalga berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň geljekde hakyky watançy, ynsanperwer, päk ahlakly, giň düşünjeli hem-de halal adamlar bolup ýetişmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş aladasy bolup durýar. Ylymly-bilimli, maksady okgunly ýaşlaryň özleriniň ata Watanyň hakyky ogul-gyzlardygyny okuwlary, bilimleri, zähmetleri bilen subut etjekdiklerine uly ynam bildirýäris. “Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir” diýip nygtaýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin edýän bimöçber tagallalarynyň saýasynda amala aşyrylýan beýik işlerdir. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp talyp ýaşlary ylyma höweslendirmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Ýaş alymlar Geňeşi hereket edýär. Talyp ýaşlar halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýän ylmy işleri bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde ýaşlaryň arasynda geçiriljek ylmy işler boýunça bäsleşige, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasynda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan ylmy-döredijilik bäsleşiklerine we açyk halkara internet ylmy bäsleşiklere gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda aşakdaky ylmy gurnaklar hereket edýär:
Ussat seýis
Türkmen jigitleri
Ýaş weterinar lukman
Ylhamly ýaşlar
Bu ylmy gurnaklarda düzgünnama laýyklykda öňde goýlan wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär. Akademiýamyzyň mugallymlary we talyplary ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda yzygiderli birnäçe ylmy hem-de publisistik makalalary çapdan çykýarlar, ylmy-amaly maslahatlara işjeň gatnaşyp tele we radioýaýlymlarda dowamly çykyşlary gurnap, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatyny wasp etmek, wagyz etmek Watanymyzyň ösüşleri, ýeten belent sepgitleri dogrusynda taýýarlanylýan gepleşiklerde yzygiderli çykyş edýärler. Bu beýik işleriň netijesinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ylym-bilim alýan ýaşlar röwşen gelejegi nazarlaýan tutumly işlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.