Bu fakultetde talyplar Atçylyk hünäri we Seýisçilik taýýarlyk ugry boýunça bilim alýarlar.
Atçylyk hünäriniň talyplary “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň çäginde zähmet çekmeklik we pudagy ylmy esasda ösdürmeklik ugrunda şeýle hem halkara tejribesini ýurdumyzyň atçylygyna ornaşdyrmak, arassa ganly tohum atlaryň baş sanyny köpeltmek, ot-iým binýadyny berkitmek we seçgi tohumçylyk işini talaba laýyk alyp barmaklyk ugrunda nazary okuwlary döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda geçýärler. Ylmy barlag edaralarda atçylyk ugry boýunça işleri alyp baryp bu ugurda ýokary bilimi boýunça hünärmeniň ýerine ýetirmeli işini öwrenýärler. Talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede özleşdirmek maksady bilen akademiýanyň athanasynda, Ahalteke atçylyk athanasynda we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda önümçilik sapaklaryny yzygiderli geçýärler.
Seýisçilik taýýarlyk ugry boýunça bilim alýan talyplar atlary talaba laýyk ösdürip ýetişdirmegiň, seýislemek üçin dogry saýlap almagyň hem-de dürli ugurlara (çapuw, marafon, atly sport, gözellik, milli at üstündäki oýunlar we atly syýahat) seýislemegiň tilsimlerini öwrenýärler. Bu taýýarlyk ugry boýunça okaýan talyplaryň esasy maksady türkmen milli seýisçilik tejribämizi bu ugurdaky dünýä tejribesi hem-de atçylyk ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, olaryň saklanylyşyny we kada laýyk iýmitlendirlişiniň talaba laýyk ýola goýulmagy ugrunda işleri alyp barýarlar. Şeýle hem tohum atlaryň jübütleşdiriş meýilnamasyny maksada okgunly we ylmy esasda işläp düzmegi ony ýerine ýetirmegi ahalteke atlaryny atçylygyň dürli ugurlaryna seýislemegiň kämil tehnologiýasyny içgin özleşdirýärler. Bu taýýarlyk ugrynyň talyplary ýurdumyzyň belli seýisleri we atşynaslary bilen duşuşyp, milli seýisçilik tejribämizi içgin öwrenýärler.