В Германии состоялась встреча партнеров проекта «Зеленый пакт для университетов Центральной Азии».
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze sepgitlerine tarap batly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtlaryň abraýly ugurdaş ýokary bilim edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ýola goýmak üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Netijede, ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky halkara gatnaşyklar üstünlikli pugtalandyrylýar.

“Green Deal for Central Asian Universities” (GDCAU) taslamasynyň hyzmatdaşlarynyň 2025-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Germaniýanyň Bremen şäherindäki Konstruktor uniwersitetinde birinji duşuşygy geçirildi. Bu möhüm çärä Merkezi Aziýadan we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary okuw jaýlaryndan wekiller gatnaşdylar. Şol sanda, bu ýygnaga Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyndan hem bir wekil gatnaşdy.

Duşuşyk taslamanyň çäginde hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge we utgaşyklylygy gowulandyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar ähli alnyp barylýan işleriň gidişine seretdiler, esasy möhletleri tassykladylar we geljekki ädimleri kesgitlediler.
Duşuşykda “Green Deal Merkezlerini” döretmek, durnuklylyga gönükdirilen täze bilim maksatnamalaryny işe girizmek we daşarky hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek ýaly esasy strategik ugurlara üns berildi. Ýüzbe-ýüz duşuşyk tehniki tagallalary utgaşdyrmaga kömek etmek we ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi.