Dünýäde ykrar edilen ahalteke atlarynyň we atçylyk sungatynyň bu günki gündäki ýeten belent derejesi, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi hem muňa aýdyň subutnamadyr.
Şunuň bilen baglylykda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly ahalteke bedewlerini wideoşekiller arkaly wasp etmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan edýär.