MAGTYMGULY PYRAGY – YNSAN KALBYNYŇ  ÖÇMEJEK NURY

MAGTYMGULY PYRAGY – YNSAN KALBYNYŇ ÖÇMEJEK NURY

19
Halkymyzda “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” “Ýagşydan at galar” ýaly ajaýyp dürdäne nakyllary bar. Türkmeniň Beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamany geldi. Bu günki gün külli türkmen halky Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda erkana, bagtyýar, eşretli zamanada ýaşaýar. Magtymguly Pyragy XVIII-asyrdan bäri türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragydyr, päk-ynsanperwer ýaşaýşa bolan berk ynamydyr. XVIII-asyrda ýaşap geçen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň  edebi diliniň we edebiýatynyň ösüşinde täze bir döwür boldy.
Halkymyzyň Magtymguly Pyraga bolan beýik söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik kalbyndan, çuňňur işlerinden rowaç alýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz  Magtymguly Pyragynyň çeper söz ussady bolandygyna ýokary baha berip :” Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr" diýip belleýär.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2025-nji ýylyň      10-njy noýabrynda akademiýanyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda  «Magtymguly Pyragy – ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler, Akyldar şahyryň goşgylarynda türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, parasatly däp-dessurlary, ýokary ruhy-adamkärçilik gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur watandaşymyzyň baý we köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapýandygy, bu ýagşy umyt-arzuwlar häzirki döwürde hasyl bolýandygy. Magtymgulynyň ynsanperwer pikirleri bolsa Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýändigi dogrysynda çykyş etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni,  Magtymgulyşynasyň, Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň, akademiýanyň professor mugallymlarynyň Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýoly we häzirki wagtda sarpasynyň belent tutulýandygy boýunça aýratyn eden çykyşlary talyp ýaşlara uly ylmy maglumatlary almaklaryna mümkinçilik döretdi. Maslahata gatnaşyjylar Beýik şahsyýetlerimizi, nusgawy şahyrlarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde edilýän şeýle uly aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň Kitaphanasynyň bölüm müdiri
Aýjemal Baýramowa
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm