AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR

11
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Ýene-de sanlyja günlerden birnäçe doganlyk halklaryndan geljek myhmanlar türkmen halkynyň ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerine laýyklykda mynasyp äheňde garşy alnyp, olara mähribanlyk bilen hyzmat ediler. Biziň türkmen halkymyzyň gorly hazyna bolup duran edebi maglumatlarymyza ser salanyňda hem myhmansöýerlik däplerine uly üns berendiklerini, ol gatnaşyklaryň halkymyzyň süňňüne ornan häsiýet bolup galandygyny görmek bolýar. Görogly eposynda Jygalybegiň «Myhman gelse etgin söwüş» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, hatda myhmana uly hyzmat eden halkymyzyň aň-düşünjesine garylyp giden ajaýyp häsiýetdir.
Ynha, nesip bolsa, 4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu maslahat bolsa biziň buýsanjymyzy ýene bir ýola galdyrar. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň halkara maslahaty parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşygynyň artmagyna getirer. Bu maslahat möhüm meseleleriň çözülmegine, halkara guramalar bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da ýygjamlaşmagy biziň dünýä arenasynda at-abraýymyzy beýgeltjek mümkinçilik bolar diýip buýsanmaga haklydyrys. Nesip bolsa, bu geçiriljek maslahatyň  birnäçe halklaryň arasyndaky ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna giň ýol açar. Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň has-da artmagyna getirer. Bu forum maslahata gatnaşan ýurtlaryň arasyndaky berk ynanyşmagy, dost-doganlyk hyzmatdaşlygy, diplomatik ösüşleriň, ykdysady-syýasy gatnaşygyň pajarlap ösmegine getirer. Hazar kenarynda  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiriljek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahatynyň ýylymyzyň abraýyna abraý, badyna bat goşar.
 
Söýenç AHMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara
atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
 
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm