ATÇYLYKDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

ATÇYLYKDA HALKARA HYZMATDAŞLYK

48
2025-nji ýylyň 19-22-nji maýy aralygynda ýurdumyzda saparda bolýan Türkiýe Respublikasynyň Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň we Türkiýäniň Žokeý klubynyň hünärmenlerinden ybarat bolan wekiliýet 2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Arkadag şäherine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna geldi. Wekiliýet Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda güler ýüz bilen garşy alyndy. Myhmanlaryň akademiýa gelmegi mynasybetli akademiýanyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi.
 
 
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda alnyp barylýan ylmy-barlag we okuw-usuly işler bilen tanyşmak maksady bilen wekiliýet agzalary akademiýanyň tejribe, barlaghana we okuw otaglaryna baryp ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Ýagny akademiýanyň “Atçylyk” tejribe otagyna “Molekulýar genetika”, “Mikrobiologiýa”, “Anatomiýa”  barlaghanasyna bardylar. Şeýle hem  Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Sport toplumyna,  Ýapyk manežine we Açyk manežine baryp ol ýerde talyp ýaşlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren at üstündäki milli oýunlaryna,  görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler. Soňra bolsa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň, hünärmenleriniň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda akademiýanyň Mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi we özara pikir alyşyldy. Bu duşuşyk Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary, hünärmenleri we talyp ýaşlary üçin diýseň täsirli boldy. Atçylyk boýunça halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikleriň alnyp barylýan işleriň bu duşuşykda beýan edilmegi, özara tejribe paýlaşylmagy uly ähmiýete eýe boldy. Wekiliýet agzalary Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda şeýle uly mümkinçilikleriň döredilendigini belläp geljekde hem iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmagyň möhümdigini bellediler. Bu barada ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
 
 
Annadurdy Çaýyrow
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk 
akademiýasynyň mugallymy
Salgymyz:

Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy

Telefon belgiler:
+99312572411
Email:
ihba@sanly.tm