Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňe gidişlikler öz beýanyny tapýar.Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Şeýle ajaýyp günlerde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri, özgertmeleri hakynda söhbet etmek örän ýakymly. Ynha bu gün hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri mynasybetli “Parahatçylykly ösüş - mizemez ahlak” atly söhbetdeşlik gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlik gepleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň horamtly il ýaşulysy Amangeldi Orazow hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Söýenç Ahmedow gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirilýänligi dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy belen gamyşgulak türkmen ahalteke bedewlerine uly ähmiýet berilýär. Şu ýylyň ilkinji hoş habary bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstsnlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy gazanan bu üstünligi türmen halky şatlyk-şowhun bilen garşy aldy. Biziň milli atşynaslyk sungatymyzy halkara derejelere ýetiren pederlerimiziň seýisçilik sungatynyň gaýtalanmajak eserlerini dünýä bermek bilen çäklenmän, bedewleriň arassa ganlygyny, olaryň ajaýyp häsiýetlerini, milli atşynaslyk medeniýetini ebedileşdirip şu günlere kämilleşip ýetip gelendigi dogursynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşlik gepleşigi “Arkadag” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň muzeýiniň gözegçisi
Ogulbagt Hojalyýewa