YLYMLY ÝAŞLARYŇ ÝEŇIŞLI MENZILI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň ylym-bilim almagy, döredijilik we ylmy-barlag işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýär. Ylym islendik döwletiň ösüşiniň esasy sütüni bolup, bagtly geljege ýagtylyk saçýan ýoldur. Ýurdumyzda hem ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy täze açyşlara ruhlanmagy ugrunda döwrebap tutumlar durmuşa geçirilýär. 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary we talyplary ýeňiji bolup Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Ýagny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Tebigy bilimler we kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Agaýew Bekgylyç I orna, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk fakultetiniň talyplary Japarberdi Japarow we Rüstem Ataýew II orna, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň talyplary Muhammetberdiýewa Aýlar, Röwşenkulyýew Baýramhan, Amangeldiýewa Tawus III orna, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Atçylyk we seýisçilik kafedrasynyň mugallymy Ýusup Hommadow III orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri çäksizdir.
Söýenç Ahmedow
Aba Annýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň mugallymy,
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy